Geljek zehinli ýaşlaryň elinde

11 Dekabr 2024
193

Bilim, ylym ähli döwürde hem uly ösüşleriň binýady bolup, adamzat durmuşynyň ilerlemegini üpjün edipdir. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler döwletleriň hem ösüşiniň gözbaşydyr. «Ýüz okasaň — ýat, müň okasaň — binýat», «Bilimli — uçar, bilimsiz — gaçar» diýen parasatly ata-babalarymyz ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerini sargyt edipdirler. Ata-babalarymyzdan galan mirasy kämillik derejesine ýetirýän zehinli, işbaşarjaň, edenli ýaşlar ýurt ösüşlerine öz goşantlaryny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiz: «Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy bolmalydyr» diýip, ýaşlaryň bilimli, ylymly, zähmetsöýer, watansöýüji, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri babatda ähli tagallalary edýär.

Orazjemal TAGANOWA,
Dänew etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy.