Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daniýanyň Patyşasy Frederik X-denhat geldi. Onda: “Daniýa Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ýesper Wary — Dannebrog ordeniniň birinji derejeli rysaryny Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Waryň ýokary şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenilen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär” diýlip bellenilýär.
***