Halkymyz ýylky sürüsi dogrusynda «Ýüzden ýüwrük çykar, müňden tulpar» diýen nakyly döredipdir. Bu nakyly öňden eşidip ýörenem bolsam, tulparyň nähili at bolýanyny anyk göz öňüne getirip bilmeýärdim. Ony has üýtgeşik, saýlama atdyr öýdýärdim. Ýöne onuň başga alamatlary-da bar ekeni.
Irki döwürde ömrüni bedew atlaryny seýislemäge bagyşlan ussat seýisleriň biri bilen söhbetdeş boldum. Çaý başyndaky söhbetdeşlikden soň, atlary ýakyndan synlap görmek üçin athana ugradyk. Athananyň daş işiginde diwardan asylan haýsydyr bir malyň injik süňki ünsümi çekdi. Oňa ünsümiň gönügenini bilip, seýis düşündirmäge durdy: