«Bagabat» şypahanasy — melhemler mekanynyň giň mümkinçilikleri

4 Ýanwar 2021
2255

Milli Liderimiz ýerli tebigy çeşmeleriň örän baý bejeriş mümkinçilikleriniň binýadynda Diýarymyzyň şypahana ulgamyny ösdürmek meselelerine bagyşlanan «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda şeýle ýazýar: «Baý durmuş tejribesi bolan parasatly aksakgal ýaşulularyň aýdyşy ýaly, ynsany tebigatyň özi bejerýär, munuň üçin oňa diňe mümkinçilik bermelidir, onuň bilen sazlaşykda ýaşamalydyr, tebigatyň tenekar güýjüni bedeniňde duýmalydyr. Hünär bilimlerine we başarnyklara eýe bolan lukman bolsa bu ýagdaýda ünsli araçy hem-de duýgudaş kömekçi bolup biler».

Dogrudanam, ýurdumyzyň şypahanalary tebigy, şypahana we ykdysady kuwwatyň sazlaşygydyr. Ajaýyp tebigat, arassa howa adamyň saglygyny dikeltmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, geçen ýyl ulanmaga berlen «Bagabat» şypahanasy hem munuň aýdyň mysalydyr.

"Nesil".