Şu gün — 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Giň gerimli foruma doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragy gatnaşýar.
Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köp sanly işewürler, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.