Ekologiýa abadançylygy: Milli strategiýa hereketde

3 Dekabr 2024
164

Güneşli Diýarymyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň netijelerini peseltmek maksadyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, zyňyndy gazlaryň mukdaryny azaltmak ýaly işler döwlet derejesinde durmuşa geçirilýär.

2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaý şäherinde geçirilen (COP28), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan döwletimiz Global metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şeýlelikde, ata Watanymyzda 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesini azaltmak meýilleşdirildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan hem, metan zyňyndy gazlarynyň möçberlerini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary hem döredildi.

Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy.