Beýik milletiň «Hakyda göwheri»

2 Dekabr 2024
240

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Kitap türkmen we iňlis dillerinde neşir edilipdir. Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar «Hakyda göwheri» atly kitabyň çapdan çykmagy mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutladylar hem-de asylly döredijilik işi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Liderine döredijilik äleminde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuwladylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri halkymyzyň baý taryhy durmuşyndan söz açýan ylmy garaýyşlaryň beýanydyr. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini şu babyň bäş bölüminiň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

«Watan».