Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary watandaşlarymyzy il-ýurt bähbitli beýik işlere galkyndyrýar. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza peşgeş berdi.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň elimize gowuşmagy şöhratly geçmişimize, şanly taryhymyza, milli mirasymyza, gadymy gymmatlyklarymyza buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Çünki halkyň hakydasy, taryhy, mirasy bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hakyda — ynsan kalbynda göwher ýaly nur saçýan şamçyragdyr, tämizlikdir, geçmişe sarpadyr.