Magtymguly Pyragynyň şygyrlary indi üç asyr bäri türkmen halkynyň hakydasynda ýaşap gelýär. Şahyryň hormatyna ençe ýurtlarda onuň goşgulary neşir edildi, ýadygärlik heýkelleri dikildi. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, şu ýylyň 17-nji maýynda Köpetdagyň eteginde akyldar şahyryň belent heýkeli, şeýle-de onuň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumy döredildi. Bu toplumyň çäginde dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň heýkelleriniň 24-siniň oturdylmagy bolsa, akyldaryň eserlerinde beýan edilen dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygyny subut edýär.
Beýik şahyryň hormatyna Magtymguly
adyndaky halkara baýragy, «Magtymguly
Pyragy» medaly, «Magtymguly Pyragynyň
300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly,