Awtomobil sporty: ýeňişli menziller

30 Noýabr 2024
196

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, awtomobil sportuny ösdürmek ugrundaky ädimleriň hem rowaçlyklara beslenýändigini aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ösüşiň möhüm tapgyrlaryny ynamly geçen awtomobil sporty boýunça milli mekdebimiz bu gün hormatly Prezidentimiziň döredýän şert-mümkinçilikleriniň netijesinde uly öňegidişliklere eýe bolýar. Türkmen ekipažlarynyň halkara derejesindäki ýaryşlarda gazanýan ajaýyp üstünlikleri munuň aýdyň mysalydyr.

Bu hakykat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 26-27-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara foruma gatnaşmak üçin sapar bilen ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todt bilen bolan duşuşygynda hem beýan edildi. «Häzirki wagtda ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenleriň ussatlygyny artdyrmak üçin degişli işler geçirilýär» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we olaryň halkara ýaryşlara gatnaşmagy bilen bagly meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny, munuň bolsa türkmen türgenleriniň halkara derejede ýokary netijeleri gazanmaklaryna giň ýol açýandygyny belledi.

Ýazgül Gurbanowa,
Gökdepe milli muzeýiniň çeperçilik we medeni aň-bilim bölüminiň baş hünärmeni.