Telekeçilige giň ýol!
Telekeçi Halmämmet Amanmämmedow Uly Balkan dagynyň etegindäki Düzmergen ýaýlasyndan miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, şonuň ýaly-da döwrebap ýyladyşhanany gurmak üçin 22 gektar ýeri 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga alypdy. Bu ýerde zähmet çekýän bagbanlar häzir 5 gektar meýdanda kemala gelen miweli baglaryň dürli görnüşlerine güýzki agrotehniki çäreleri talaba laýyk geçirýärler. Döwrebap ýyladyşhanadaky pomidorlara hem ideg işleri göwnejaý alnyp barylýar. Ýyladyşhanada şu ýylyň awgust aýynyň ahyrlarynda oturdylan şitillerden ýetişen ýokary hilli pomidor hasyly ýygnalyp, içerki we daşarky bazarlaryň sarp edijilerine ugradylyp başlandy. Türkiýede, Gollandiýada öndürilen enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada ähli işler döwrebap tehnologiýalara, işläp taýýarlamalara hem-de kämil kompýuterlere daýanýar. Munuň özi ýyladyşhananyň ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlarynyň işlerini talaba laýyk ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir.