Sazlarda uza öwrülen şygyrlar

27 Noýabr 2024
175

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary halkymyzyň milli mertebesini belende göterýär. Ol paýhaslylygyň, adamkärçiligiň, adyllygyň nyşany bolup, her bir türkmen üçin nusgalyk ýörelgedir. Beýik taryhy maksatlary nazarlaýan halk öňde goýýan wezipelerine ýetmek üçin etmeli hereketlerine çeşme bolarlyk gujury akyldar şahyryň döredijiliginden alýar.

Magtymguly Pyragynyň beýik şahsyýeti indi üç ýüz ýyldan bäri türkmeniň ýüreginde ýaşap gelýär. Beýik şahyryň paýhasly şygyrlary halkyň kalbyna tenekar. Şeýle hem beýik Pyragynyň bütin döredijiligi milli ýörelgelere netijeli gulluk etmegiň aýdyň mysalydyr. Milletiň täze bir belentlige galmagy üçin zerur bolan ruhy gözýetimleri we ahlak gymmatlyklaryny açan Magtymguly Pyragydyr.

Gülälek HUDAÝBERDIÝEWA,
Saýat etrabyndaky 57-nji orta mekdebiň mugallymy.