Işler sazlaşykly barýar

26 Noýabr 2024
215

Sarahs etrabynyň hojalyklarynda ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda sürüm, tekizleýiş işleriniň öz wagtynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegi bol hasylyň ösdürilip ýetişdirilmeginde möhüm şertleriň biridir. Täze hasylyň aladasy bilen yhlasly zähmet çekýän pagtaçy babadaýhanlar geljek ýyl üçin sürüm geçirilmeli 18 müň gektar meýdanyň 4 müň gektara golaý ýerinde sürüm işlerini geçirip, tekizleýiş işlerine girişdiler. Ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda etrabyň hojalyklarynyň arasynda «Bereket», Muhy Amanow, S.A.Nyýazow, Oraz Salyr adyndaky daýhan birleşikleriniň pagtaçy kärendeçileri has işjeňlik görkezýärler.

Etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginiň Gurban Sapallaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň has-da ýokary depginde, talabalaýyk alnyp barylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Toparyň pagtaçy kärendeçileri geljek ýylyň hasyly üçin 112 gektar meýdanda sürüm işlerini geçirip, meýdanlarda tekizleýiş, keş çekmek işlerine guramaçylykly girişdiler. Bu işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynda ussat mehanizatorlar Şöhrat Muhyýew, Maksat Mämmedow, Baýram Rejepow dagynyň mynasyp paýlary bardyr. Etrabyň hasyl ussatlary şu işler bilen bir hatarda, hasyldan boşan meýdanlary gowaça çöpünden arassalamak işini hem ünsden düşürmän utgaşykly alyp barýarlar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz.