Milli ykdysadyýetiň rowaç gadamlary

25 Noýabr 2024
230

15-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanylandygy aýdyldy. Geljek ýylda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen bu resminamalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna iberdi.

Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen umumymilli, pudaklaýyn, sebitleýin maksatnamalaryň giň gerimi we bellenilen wagtda üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlygy bolup durýar. Üstünliklere getirýän şertler hakda aýdylsa, ol içerki we daşarky ykdysady ýagdaýlara dogry baha berilýänligidir, ähli mümkinçiliklerden, has anygy, geografik şertlerden, adam, maliýe, çig mal, intellektual, önümçilik serişdelerinden akylly-başly, ýerlikli peýdalanylýanlygydyr. Munuň özi halkara maliýe hem ykdysady düzümleriň ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana ynamyny artdyrýar.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».