Türkiýede
Golaýda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan dostlukly ýurduň belli syýahatçylyk merkezi bolan Kappadokiýa sebitinde baý mazmunly çäreleriň birnäçesi geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, türkmen we türk baýdaklary, şahyryň suraty ýerleşdirilen banner bilen bezelen howa şarlarynyň 300-siniň Kappadokiýanyň asmanyna uçurylmagy şol çäreleriň esasy aýratynlygy boldy. «Göreme» milli syýahatçylyk seýilgähiniň çägine girýän Meskendir jülgesinden badalga alan şarlaryň uçuşy daň şapagynyň dogup gelýän pursatlarynda bir sagada golaý dowam edip, bu özboluşly syýahata gatnaşýanlara-da, olara syn edýän myhmanlara-da ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Bu çäräniň Ýewraziýa ykdysady gatnaşyklar assosiasiýasy (EkoAvrasya) tarapyndan belli bir şahsyýetiň hormatyna guralan ilkinji howa festiwaly hökmünde hasaba alynmagy we türkmen tarapyna degişli güwänamanyň gowşurylmagy milli şahyrymyzyň doglan gününiň şanyna geçirilýän dabaralaryň köpöwüşginli häsiýete eýediginiň, olaryň dünýä jemgyýetçiliginde-de giňden ykrar edilýändiginiň güwäsine öwrüldi.