Öňde möhüm wezipeler dur

12 Noýabr 2024
206

Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň agzybir işgärleri şu ýyly zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin joşgunly zähmet çekýärler. Işeňňir adamlaryň 14-sini özünde jemleýän önümhananyň işçi-hünärmenleri telekeçilerdir daýhanlardan, içerki bazarlardan amatly nyrhlardan satyn alynýan pomidor, hyýar ýaly gök önümleri, şeýle-de işgärleriň miweleri aýna gaplara gaplap, ilatyň gaplama önümlerine bolan ösen islegleriniň kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar.

— Önümhanamyzyň işgärleriniň hemmesi öz işine ussat, işeňňir adamlar. Şolardan Begenç Saryýewiň, Güljeren Hotjyýewanyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda agzasym gelýär. Ady agzalan bu işçiler diňe bir göreldeli zähmet çekmek bilen çäklenmän, eýsem birleşigimizde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň nusga alarlyk derejede dowam etmegine-de netijeli täsirlerini ýetirýärler — diýip, birleşigiň önümçilik boýunça hünärmeni Begenç Pendigulyýew guwanç bilen gürrüň berýär.

Ogulnäzik MUKYMOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni.