8-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwelany kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň degişli güwänamasyny gowşurdy. Resminamada Türkmenistanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak işinde gazanan uly üstünlikleri ykrar edilip, ýurdumyzda hemmeler üçin raýatlyga bolan hukuklary goramak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýär.