Garaşsyz Watanymyzda asudalygy, abadançylygy üpjün etmek harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. 6-njy noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hem degişli düzümler tarapyndan şu ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň dowamynda Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Milli goşunymyzy iň täze tehniki serişdeler bilen üpjün etmek, esgerleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwlet serhediniň ygtybarly goralmagy bilen baglanyşykly görülýän çäreler barada hasabat berildi. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek, jemgyýetçilik tertibini saklamak, jenaýatçylygyň öňüni almak, Ýol gözegçiligi gullugynyň we Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, kazyýet ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň üstünde durlup geçildi.