Döwletimiziň ynsanperwer ugry

8 Noýabr 2024
261

Düýn — 8-nji noýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Merkezi Aziýa we sebit döwletleriniň raýatsyzlyk meselelerine ygtyýarly edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň dünýä boýunça raýatsyzlygy ýok etmegi maksat edinýän BMG-niň «Men degişli bolýaryn» (#IBELONG) kompaniýasynyň on ýyllyk maksatnamasy boýunça borçlaryny doly ýerine ýetirendigi we şu ýylyň 15-nji oktýabrynda Ženewa şäherinde (Şweýsariýa) BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň 75-nji sessiýasynda yglan eden raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Global Alýansa goşulandygy barada çykyşlar edildi.

Ýörite habarçymyz.