Maşgala goraglylygynyň hukuk binýady

8 Noýabr 2024
220

Sagdyn maşgala sagdyn jemgyýetiň, sagdyn jemgyýet bolsa berkarar döwletiň sütünidir. Döwletiň abadançylygy, asudalygy, ösüşi hem özgerişi maşgaladan başlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzda adam hakynda edilýän alada döwrüň hem döwletiň öňünde durýan iň bir möhüm wezipeleriň biridir.

Ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň möhüm bölegi bolan maşgalanyň ruhy we maddy binýadyny berkitmekde uly işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan ýaşaýyş jaý toplumlaryndan ýaş maşgalalara uzak möhletleýin, ýeňillikli karzlar bilen ýaşaýyş jaýyny edinmäge döredilen giň mümkinçilikler maşgalanyň maddy binýadyny has-da berkidýär.

Jemal GURBANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.