Noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi — Hasyl toýy
Her bir güni buýsançly ösüşlere, özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýene bir dabaraly, şatlykly gün ýetip gelýär. Ene topraga tohum sepip, daban azaplary bilen bol hasyl almagy başarýan edermen babadaýhanlar her ýyl noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uly buýsanç bilen Hasyl toýuny toýlaýarlar. Sahawatly ene toprak, bereketli güýz pasly, daýhan zähmetiniň şirin miwesi bilen baglanyşykly bu toýy halkymyz hemişe uly şowhun-şadyýanlyk, agzybirlik, dost-doganlyk, sahy-jomartlyk ruhunda giňden dabaralandyrýar. Munuň özi daýhanyň zähmetine, ene topragyň berekedine goýulýan belent sarpanyň kepilidir.