Yhlasly zähmet – oňyn netije

5 Noýabr 2024
268

Döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden, ýeňillikli şertlerden ýerlikli peýdalanyp, ýyllarboýy çeken yhlasly zähmeti ajaýyp miwesini eçilip, Annagülüň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanan kärendeçi zenan Annagül Penjiýewa Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginde öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalýar. Bu kärendeçi zenan şu ýyl azyklyk bugdaýy öndürmekde ýokary netije gazandy. Ol 10 gektar kärende ýerinde ösdürip ýetişdiren bugdaý hasylyndan şertnamalaýyn borçnama laýyklykda 18 tonnany Watan harmanyna tabşyrmalydy. Onuň görkezijisi bolsa 40 tonna 250 kilograma barabar boldy. Şunda her gektara düşýän hasyllylyk 41 sentnerden geçdi. Tejribeli zenan bugdaý hasylyndan boşan ýerlerini boş goýman, dessine mäş ekdi. Bu gün onuň sahawatly ýerde ýetişdiren azyklyk önümi hem bereketli hasylyny eçildi.

Indi onlarça ýyldan bäri kärendeçilik bilen meşgullanyp gelýän daýhan zenan ilkinji ýyllardan öz başarnygyny görkezip ugrady. Ýeriň abyny-tabyny bilýän Annagül özüne ynanylan ýere yhlasyny siňdirýär. Altyn güýzüň gelmegi bilen, onuň 19 gektar meýdanda ösdürip ýetişdiren gowaçalary hem bol hasyl berdi. Gowaçaly meýdanda bereketli hasyly ýetişdirip, ilkinji ýygymda 62 tonnanyň ýerine 76 tonna «ak altyny» Watan harmanyna tabşyran kärendeçi zenan şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli berjaý etdi. Onuň möwsümiň başyndan bäri Watan harmanyna tabşyran hasyly 103 tonnadan hem geçdi. Gowaçaly meýdanlaryň hasyly egsilerli däl. Bu bolsa Annagülüň «ak altyn» harmanlarynyň barha beýgelmegini üpjün edýär. Ýetişdiren pagta hasylynyň ýekeje übtügini hem yrýa etmän Watan harmanyna tabşyrmagy meýilleşdirýän Annagül Penjiýewa şu günler hem öz maşgalasy bilen arman-ýadaman zähmet çekip, Hasyl toýuny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýär.

Sonagül HUDAÝBERENOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň esasy hünärmeni.