Ruhy bitewilik

30 Oktýabr 2024
270

Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-çeper dünýägaraýşyna, pelsepewi pikirleniş ukybyna, şahyrana hem ylmy älemine milli özboluşlylyk, saldamlylyk mahsus. Bu aýratynlyk eziz Arkadagymyzyň okumyşlygyndan, dünýägaraýşynyň çuňlugyndan, nusgawy şahyrlaryň hem-de alymlaryň oý-pikirlerine eýerýändiginden gözbaş alýar. Çünki Milli Liderimiz dünýä derejesinde ykrar edilen beýik söz ussatlarymyza uly sarpa goýýar. Ylaýta-da Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyza aýratyn sarpa goýmagy, gündelik amallarynda akyldar şahyrymyzyň parasatly pikirlerini ýörelge edinmegi bu iki ägirdiň ruhy bitewiligini alamatlandyrýar. Aslynda, Magtymguly Pyragynyň parasatly pikirlerine eýermek Milli Liderimiziň maşgala durmuşynda ata-baba ýörelgesine öwrülip, adat bolup galypdyr. Ömrüni nesil terbiýesine bagyş eden Berdimuhamet mugallym hem her ädimde Magtymguly Pyragynyň setirlerini nusga edinýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda ýaralanyp, harby gospitalda bejergi alan döwründe hem Magtymguly Pyragynyň eserler ýygyndysyny ýanyndan goýmaýar. Çagalar bilen geçen her okuw sapagynda Magtymguly Pyragynyň setirlerini türkmen halkynyň ynam-ygtykadynyň beýany hökmünde yzygiderli mysal getirýär.

Berdimuhamet mugallym urşa gidenden soň maşgalanyň gündelik hysyrdylary ýaşajyk Mälikgulynyň üstüne düşýär. Bu kynçylyklary ýeňip geçmekde oňa hem Magtymguly atamyzyň dana sözleri, parasatly jümleleri ruhy ganat bolýar. Kolhozyň başlygy Mody aga on iki ýaşly oglanyň aýratyn başarnygy hökmünde: «Mäliklguly Magtymguludan otuz-kyrk goşgyny ýatdan bilýär, özem goşgy goşýar» diýip guwanç bilen aýdýar. Ýaşajyk Mälikguly Magtymguly Pyragyny özüniň ruhy hemaýatkäri hasaplaýar.

Nurguly ÝAGMYROW,
Darganata etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.