Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

29 Oktýabr 2024
306

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşymyza barha giňden ornaşýan sanly dolandyryş ulgamy ildeşlerimiziň gündelik ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly dolandyryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak diýmek ykdysadyýetde, senagatda, bilimde, saglygy goraýyşda we beýleki ulgamlarda işleriň hilini häzirki zaman ösen dünýäsiniň nukdaýnazaryndan üzül-kesil özgertmek diýmekdir. Sanly ulgam ykdysadyýetiň pudaklarynda işleriň, amallaryň ýerine ýetirilişini tizleşdirýär, hilini ýokarlandyrýar, el güýji bilen amala aşyrylýan işleriň tizligini, mukdaryny artdyrmak bilen, el güýjüniň zerurlygyny köp derejede aradan aýyrýar.

Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bu kanunçylyk resminamasy esasynda ýurdumyzda eýeçiligiň dürli görnüşlerine degişli bolan edara-kärhanalarda işler we hyzmatlar ýokary derejede ýerine ýetirilýär.

Aýnur GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.