Asylly ýörelgelere eýerip

29 Oktýabr 2024
286

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz uly durmuş-ykdysady ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar. Sanly ulgamyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda innowasion tehnologiýalar işjeň ulanylýar, bäsdeşlige ukyply önümçilikler ýola goýulýar. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde, türkmen halky asuda, abadan, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar.

Mälim bolşy ýaly, 24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda Garaşsyz döwletimizde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýerine ýetirilen işleriň netijeleri seljerildi. Döwrüň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy eýýamda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen taryhy ähmiýetli birnäçe çözgütleri kabul edip, degişli Permanlara gol çekdi.

Arazmyrat NAZAROW,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.