Hormatly adyňyz gutly bolsun!

28 Oktýabr 2024
327

Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen ildeşimiz — Hojambaz etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň at çopany, hususy itşynas Begenç Hanyýewe Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy. Milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin berlen bu ýokary baha mynasybetli ol özüniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyz bilen şeýle paýlaşdy:

— Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adynyň dakylmagy meniň itşynaslyk höwesime ýene-de höwes goşdy. Şeýle uly hormat üçin ilki bilen hormatly Prezidentimize çuňňur ýüregimden sagbolsun aýdýaryn. Men 10 ýaşymdan bäri itşynaslyk bilen meşgullanýaryn. Alabaýlar bilen çagalyk ýyllaryndan başlanan dostlugymyz bütin ömrüme uzap gitdi. Ilkinji çopan itimiň adyna Boýnak dakypdym. Ony güjükliginden ulaltdym. Onuň bilen bagly wakalar durmuşymda öçmejek täsirleri bilen hemişelik ýadymda galdy. Alabaýlar bilen dostlugymyzyň berkemeginde atam Hany Halymow, kakam Aganyýaz dagynyň aýratyn paýlary bar. Olar meniň bilen kän syrlaryny paýlaşdylar. Men hem şol syrlary hiç kimden gysganamok, idäp-sorap gelenlere öwredýärin. Şirhan, Akguş, Garlawaç, Garagulak, Garahan, Aždar ýaly alabaý itleri terbiýeläp ýetişdirdim. Olaryň nesilleri ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisinde duş gelýär. Olaryň birnäçesi Ahal, Daşoguz welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde, şeýle-de öz welaýatymyzda dürli ýyllarda alabaýlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda çempion boldy.