Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

27 Oktýabr 2024
408

Türkmenistan energiýa serişdelerine baý döwletleriň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasatynyň netijesinde ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň halkara energoulgamyna goşulyşmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 6-njy ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynda kabul edilen Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilelikdäki beýannamasynda «Lu Ban ussahanasy» taslamasyny amala aşyrmagy ilerletmek barada beýan edilýär. Şonuň bilen birlikde, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçysynyň Hytaý nebit uniwersitetiniň Sian nebit uniwersitetiniň we Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin we Sian şäherlerinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz we bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy, sanly bilim ulgamynyň ösdürilýändigi we beýleki üstünlikler dogrusynda gürrüň edildi. Pekin şäheriniň Hytaýyň nebit uniwersitetiniň okuw binalary, döwrebap tejribehanalary, ylmy-okuw işleriniň alnyp barlyşy, okuw maksatnamalary, okuw meýilnamalary bilen tanşyldy. Uniwersitetiň taryhy muzeýine gezelenç guraldy hem-de uniwersitetiň döreýşi, ýetilen sepgitlerine göz ýetirildi. Soňra ylym-bilim ulgamynda  alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, Hytaýyň nebit uniwersitetiniň rektorynyň we professor-mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Hytaýyň nebit uniwersiteti hem-de Hytaýyň Bilim ministrliginiň Hytaý-daşary ýurt dilleri alyş-çalyş we hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan bilelikde işlenilip taýýarlanylan Türkmen-Hytaý energetika okuw merkezini döretmek barada Ylalaşygyň hem-de «Iki diplom» halkara bilim maksatnamasy hakynda Düzgünnamanyň taslamasy we merkeziň okuw meýilnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň  Söwda-senagat edarasynda  «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge,  nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga itergi berýär. Biziň ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde «mawy ýangyjy» ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Bu bolsa dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir.  Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar.

Bekgi ARSLANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.