Müňýyllyklara uzaýan sungat

24 Oktýabr 2024
374

Ermeni halkynyň milli-medeni mirasynda saz sungatyna aýratyn orun degişlidir. Iň gadymy saz sungatlarynyň biri bolan ermeni halk aýdym-saz sungatynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşandygyny alymlar belleýärler.

Ermeni saz sungaty gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Onuň ylmy taýdan öwrenilen döwürleri biziň eýýamymyzdan öňki XX — XVIII asyrlara baryp direýär. Ermeni halkynyň gadymyýetde ýaşan ýerleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde alymlar gadymy saz gurallaryny we dürli dabaralarda saz çalyp duran adamlaryň şekillerini tapdylar. Olar ermeni halk aýdym-sazlarynyň Mesopotamiýa, Ortaýer deňiz halklarynyň medeniýeti bilen garyşmagy netijesinde gutarnykly kemala gelendigi baradaky pikiri öňe sürýärler.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Nepes JUMAGELDIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.