Ýurdumyzda giň gerimli işler, durmuş-ykdysady we syýasy özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde kabul edilýän maksatnamalar halkyň, umumadamzadyň bähbitlerini nazarlap, milli ykdysadyýetimizde oňyn özgertmeler, ýokary depginli ösüş-özgeriş bilen rowaçlanýar. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» munuň aýdyň beýanydyr.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary üçin taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Resminamada ýerine ýetirilen, ýerine ýetirilýän we geljekde ýerine ýetirilmeli işler giňişleýin beýan edilip, şäheriň ähli ulgamlaryny sazlaşykly, durnukly ösdürmegi, ilatyň ýaşaýyş, zähmet, dynç alyş şertlerini kämilleşdirmegi yzygiderli üpjün etmek we has-da ýokarlandyrmak bu resminamanyň esasy maksady bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda «Häzirki döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleri alyp barýarys. Ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat we önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berýäris» diýip belledi. Halkyň bähbidini nazarlaýan ýokary derejedäki umumymilli forumda sebitde ýeke-täk «akylly» şäheri ösdürmek boýunça aýratyn nygtalyp geçilmegi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.