Beýik başlangyçlar — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady

23 Oktýabr 2024
297

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň belende galýan zamanasy diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Çünki täze taryhy döwürde ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar munuň subutnamasy bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň daşary syýasatda alyp barýan beýik işleri halkara ykrarnama mynasyp bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrundaky umumy tagallalara uly goşant goşýan döwletimiz parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanýan mekany, özara bähbitli we hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň rowaçlanýan ýurdy hökmünde belent at-‑abraýa eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň: «Biz daşary syýasatymyzda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň oňyn bitaraplygyny dünýä giňişliginde ösdürmek, daşary ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek meselelerine uly orun berýäris» diýip belleýşi ýaly, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri umumadamzadyň ösüşi we abadançylygy baradaky alada ýugrulandyr. Sebit we dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek daşary syýasatymyzyň özenini düzýär. Paýtagtymyz Aşgabatda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi hem-de oňa birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Esasy maksady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmek, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadynyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmek bolan halkara forum ýurdumyzyň gapysynyň dost-dogana elmydama açykdygyny görkezdi. Dünýä medeniýetine uly goşant goşan halkymyzyň myhmansöýerliginiň belent ýörelgeleriniň güwäsine öwrülen halkara forumyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, agzybirlik baradaky ynsanperwer pikir-garaýyşlarynyň dünýä halklarynyň ýörelgesi, ýurdumyzyň alyp barýan işleriniň bolsa parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady bolup durýandygyny subut edendigini aýratyn belläp geçmek gerek.  

«Balkan».