Daýhanyň yhlasy — berekediň gönezligi

23 Oktýabr 2024
386

Ýapyşan işine düýrmegi bilen berlen adamlaryň her bir işde gazanýan netijeleri ýokary bolýar. Hut şonuň üçinem olaryň işi ýola goýşy beýlekileriňkiden ýer bilen gök ýaly tapawutlanýar. Bu bolsa çekilýän zähmetiň, ertirki gün berekediň gönezligini döredýänligini aňladýar. Muňa mysal edip, Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň çäginde 2019-njy ýylda 99 ýyllyk şertnama esasynda öz adyna ýer alan, önüm öndüriji, telekeçileriň biri ýaş guramaçy ýigit Muhammet Omarowy aýtmak bolar. Onuň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň pagta ýygymy möwsüminde gadamy batly, ümzügi öňe. Ol etrapda ilkinjileriň hatarynda 24 gektar meýdandan 56 tonna 450 kilogram ýokary hilli pagtany Watan harmanyna tabşyrdy.

“Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen” diýleni. Biz pursatdan peýdalanyp, işewür ýigit telekeçi Muhammet Omarowyň Mary — Serhetabat gara ýolunyň ýakasynda 51 gektara eýelik edýän bereketli pagta meýdanyna bardyk. Onuň ýygymçylaryň ýygan pagtalaryny pagta meýdanynda gapanda çekip duran pursadyna gabat geldik. Bu ýerde zähmet joşýar. “Ak altynly” pelleriň içinde pagta ýygymyna kömege gelen gelin-gyzlaryň birnäçesi yhlas edip, günde 70-80 kilogram pagta ýygyp, gapana getirýärler. Olardan Mähri Nazarowanyň, Jeren Ýazgeldiýewanyň, Nursoltan Täçbabaýewanyň, Abadan Annamyradowanyň we beýlekileriň atlaryny Muhammet bize buýsanç bilen belläp geçdi.