Maksatly il — döwletli il

23 Oktýabr 2024
315

Halkymyza mahsus bolan döwletlilik, agzybirlik, parahatçylyk ýaly taglymatlaryň, milli ýörelgeleriň bagtyýar zamanamyzda üstünlikli dowam etdirilýändigine paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň mysalynda ýene bir gezek göz ýetirdik. Bu döwletli maslahatda halkymyzyň bagtyýar şu gününiň we nurana ertirleriniň hatyrasyna durmuşa geçirilen we geljekde göz öňünde tutulan maksatnamalaýyn işler barada birin-birin durlup geçildi.

Görşümiz ýaly, berkarar döwletimizde ata Watanymyzy sebitde we dünýäde kuwwatly döwlete öwürmek, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak boýunça ýene-de beýik özgertmelere garaşylýar. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys» diýip nygtamak bilen, ýurdumyzda halkara derejelerine laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmegi, mekdep-gimnaziýalaryny açmagy, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegi möhüm wezipeleriň hatarynda görkezdi. Munuň özi ýurdumyzda ylym-bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça göz öňünde tutulan işleriň nobatdaky tapgyryndan habar berýär. Şeýle hem mejlisde döwletimizde bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek, olar bilen işleýän bilim işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, ýaş nesli milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek işleri öňde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi. Bularyň ählisi bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana geljegini berkarar etmegiň hatyrasyna edilýän aladalaryň giň ulgamyny kemala getirýär.

Amangeldi JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy.