Edermenlikde, wepadarlykda adygan

23 Oktýabr 2024
345

Asylly däbe görä ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen gymmatlyklarynyň şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidir. Akylly häsiýetli, arassa tohumly türkmen alabaýlaryny köpeltmekde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Alabaýlary içgin öwrenmek, idetmek, olaryň arassa ganlylygyny saklap galmak maksady bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi, bu ugurdaky işlere uly itergi berdi. Assosiasiýanyň düzüminde ýörite merkezleriň döredilmegi hem bu ugurda iş alyp barýan ussat hünärmenleriň bir ýere jemlenip, türkmen alabaýlarynyň seçgiçilik işlerini ösdürmekde tagallalaryň birleşmegini üpjün etdi.

Ata NYÝAZOW,
Surata düşüren Merdan ORAZOW.