Milli fitoterapiýa ylmynyň gymmatly gollanmasy

22 Oktýabr 2024
387

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, ösümlikleriň melhemlik häsiýetlerini öwrenip, halk lukmançylygynyň tejribesine ornaşdyran ata-babalarymyz bedeni ýokumly tebigy iýmitdir içgiler bilen taplamagy nesillere miras goýupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri toplanyp, nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri bu gün ylmy esasda öwrenilýär, milli derman senagaty ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary bar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda uly işlere badalga berdi. Ýakynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik ylmy işiniň XVI jildi çap edildi.

Ýurdumyzyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini düýpli öwrenmäge ylmy çemeleşmeler dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde hem uly gyzyklanma eýe bolýar. Güneşe baý türkmen topragymyz dünýäde giňden ýaýramadyk, endemik görnüşli ösümliklere hem baýdyr. Alym Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň her bir täze neşiri diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma bilen garşylanýar. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Türkmen topragyndaky ösýän 2000-den gowrak dermanlyk ösümlikleriniň halk lukmançylygynda ulanylýandygy, olaryň 500-den köpräginiň Türkmenistanyň florasynyň endemikleri hasaplanylýandygy bu ylmy işe gyzyklanmalaryň esaslydygyndan habar berýär. Alym Arkadagymyzyň Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly türkmenleriň halk lukmançylygyndaky gadymy däplerini göz öňünde tutup, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky başlangyjy uly goldawa mynasyp bolýar.

Jemşit BEKMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň kliniki ordinatory.