Körpeleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde pedagogik tehnologiýalaryň orny

22 Oktýabr 2024
607

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler, kabul edilýän döwlet bilim resminamalary türkmen halkyny uly ösüşlere atarýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly pugtalandyrylýar. Bilimiň üsti bilen durmuşyň sungat, medeniýet, saglyk, bedenterbiýe ýaly ulgamlary her bir adamyň kalbynda kiçi ýaşlaryndan orun alýar.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň gidişinde täze usullar bilen işlemegiň ýola goýulmagy bellenildi. Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, «Innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat, kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen, okatmagyň ösdüriji, sungat, portfolio tehnologiýalary ýaly ýokary netijeli usullaryny okuw işinde giňden peýdalanmak ýola goýlar» diýlip bellenilýär.

Ogulmaral MATALOWA,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň Mekdebe çenli terbiýe we başlangyç bilim bölüminiň müdiri.