Ýanlykda alaçaly ýag

22 Oktýabr 2024
305

Ýurdumyzda ata-babalarymyzyň nesillere miras goýan ýol-ýörelgelerini öwrenmäge, mynasyp dowam etdirmäge döredilýän giň mümkinçilikler, dürli ugurlar bilen bir hatarda, çarwa durmuşynyň aýratynlyklary babatda-da söz açmaga ýardam edýär. Şu jähetden, geçmişde pederlerimiziň saglyk üçin deňi-taýy bolmadyk nygmaty hakynda söhbet açmagy müwessa bildik.

Öňki döwürlerde ata-babalarymyzyň ulanýan gaplarynyň köpüsi ownuk mallaryň derisinden bolupdyr. Deri gaplary diňe bir suw däl, eýsem, azyk-owkat saklamak üçin-de elýeter bolupdyr. Şeýle gaplaryň biri toşap meşigi hasaplanypdyr. Toşap meşiginde çarwa obalarynyň taýsyz tagamy hasaplanýan alaçaly ýag saklanýar. Ony käbir ýerlerde «ýanlyk tulum» diýlip atlandyrýarlar. Alaçaly ýag il içinde «keselkerten» ady bilen-de belli bolupdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.