Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda kuwwaty 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat meseleleri boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, B.Annamämmedow şeýle hem Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek möhüm çäreler barada hasabat berdi.