Sanly ykdysadyýet: döwrebap ösüşe tarap

8 Oktýabr 2024
372

Ýurdumyzyň bank işgärleriniň öňünde nagt däl hasaplaşyklary ýokarlandyrmak, raýatlar, edara-kärhanalar bilen banklaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, hasaplaşyklaryň dünýäde ulanylýan täze we häzirkizaman usullaryny ornaşdyrmak, innowasiýa bank tehnologiýalaryny ösdürmek, maksatnama üpjünçiligini ösdürmek ýaly wezipeler durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sanly ykdysadyýetiň giň gerimde ösdürilmegi, innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga uly itergi berilmegi rowaçlyklaryň baş çeşmesi bolup durýar.

Bank ulgamynda hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak maksady bilen öňdebaryjy tehnologiýalar giň gerimde ulanylýar, ösen kompýuter tilsimatlarynyň tehniki taýdan programma üpjünçiligi yzygiderli kämilleşdirilýär.

Azatjan ÝANGIBAÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň pul dolanyşygyny kadalaşdyryş bölüminiň başlygy.