Umumymilli forumdan soňky oýlanmalar
Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu gün ýurdumyzda geçmişiň tejribesinden — ata-babalaryň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alýan hem-de olary täzeçil, döwrebap şertlere laýyklykda dowam etdirýän döwlet dolandyrylyşynyň milli demokratik nusgasy kemala gelýär we ol barha kämilleşdirilýär. Bu nusganyň esasy aýratynlygy döwlet bilen halkyň beýik maksatlaryň daşynda barha pugta jebisleşmegidir. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň işine «Watan» habarlar gepleşigi arkaly tomaşa edýärkäm, şeýle pikirler serime doldy. 3-nji oktýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň umumymilli forumda kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeler baradaky çykyşy bu pikirlerimi has-da berkitdi.