Bedew batly ösüşler

2 Oktýabr 2024
374

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar. Ata Watanymyzda döwrebap saglyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy, milli sportuň ösdürilmegi, ýaş nesillerden başlap, ähli ýaşdaky raýatlarymyzda sagdyn durmuş endikleriniň kemala getirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýola goýlan saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýadyny düýpli kämilleşdirmek işleri bu gün köpugurly we netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde döwrüň ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalardyr saglygy goraýyş merkezleri yzygiderli gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ata Watanymyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem köpsanly saglyk öýleridir hassahanalar ildeşlerimize bökdençsiz hyzmat edýär. Welaýatymyzda 2022-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu saglygy goraýyş edaralarynyň halkara güwänamalaryň hem birnäçesine mynasyp bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar näsaglara edilýän hyzmatyň, hassahananyň dolandyrylyşynyň, howpsuzlygynyň, maglumat we aragatnaşygyň, kliniki töwekgelçilikleriň dolandyrylyşynyň, iş şertleriniň halkara ülňülere laýyk gelýändigini görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyna gönükdirilen netijeli işleriň, şeýle hem «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Begenç REJEPOW,
Daşoguz welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.