Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

1 Oktýabr 2024
698

Tejribe geçirmegiň täsirli usullary

Mugallymyň sapagy guramakdaky okuw işine hemişe güýçli täsir edýän esasy itergileriň biri okuwçynyň sapaga gyzyklanmagydyr. Okatmakda köpdürli gyzyklanmalar hereket edýär. Okuwçylaryň gyzyklanmasy olaryň biliminiň hiline, derejesine, dünýägaraýşyna, ukyp-başarnygyna, pikirleniş ukyplaryna, işini ýerine ýetirip bilşiniň kämilligine baglydyr. Ýaş nesilde şeýle gyzyklanmalary döredip bilmek okuw işiniň gymmatly taraplarynyň biridir. Okuwçylaryň gyzyklanmalaryny ösdürmek himiýa dersini okadýan mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Himiýa degişli ilki başlangyç düşünjeler berilýär, himiki belgiler, formulalar, soňra bolsa deňlemeleri düzmek, degişli meseleleri çözmek, tejribe işlerini geçirmek öwredilip başlanýar. Okuwçylar tejribe sapagyna girişmezden, ilki bilen, himiýa otagynda işlenilende howpsuzlyk tehnikasynyň düzgünleri, soňra tejribe işleri geçirilende ulanylýan gurallar, enjamlar bilen tanyşýarlar we olaryň ulanylyş usullaryny öwrenýärler. Okuwçylar tejribe işlerini öz elleri bilen geçirenlerinde oňa gowy düşünýärler, probirkany, himiki bulgury, tutgujy asuda saklamagy endik edinýär. Şeýle hem okuwçylara maddalary biri-birinden arassalamagy, süzmek, çökündi emele getirmek, bugartmak ýaly usullar bilen tejribe işini hem geçirmegi öwredýäris. Ýönekeý mysallara ýüzlensek, çägäniň ýa-da toýnuň garyndysy suwa goşulanda, toýun çägä garanyňda haýal çökýär. Şeýlelikde, maddalar aňsatlyk bilen bölünýärler. Muňa okuwçylar doly gözegçilik edip bilýärler. Ýa-da süzmek usuly boýunça iş geçirilende çäge bilen nahar duzunyň ergin görnüşini alalyň. Çäge kagyz süzgüjinde galýar, nahar duzy bolsa ergin görnüşinde süzgüçden geçýär. Şeýle işleri okuwçylar höwes bilen ýerine ýetirip, olarda gyzyklanma, bilesigelijilik has-da artýar.