Möhüm wezipeler maslahatlaşylýar

30 Sentýabr 2024
379

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde eden çykyşlary ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin belent özgerişlikleriň täze sahypasyna öwrüldi. Bu çykyşlar ýaş nesle döwrebap derejede bilim bermekde ýetilen sepgitleriň we öňde durýan maksatlaryň özboluşly sazlaşygyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini ylym, bilim we medeniýet bilen berk baglanyşdyrýar. Milli Liderimiz altyn güýzüň ilkinji gününde täze bilim we terbiýeçilik edaralarynyň açylmagyny, birinji synpa okuwa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterleriň sowgat berilmegini ýakym bilen ýatlady. Ýurdumyzda çagalar edaralarynyň hem-de orta mekdepleriň sanyny artdyrmak bolsa ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň möhüm ädimleriniň biri hökmünde görkezildi. Şunda ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary geçirmek hem teklip edildi.

Zülhumar MURADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Çärjew etrabyndaky ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň başlygy, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.