Hoşallyk maslahaty geçirildi

30 Sentýabr 2024
422

Şu gün Türkmenabat şäher häkimliginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň çözgütlerine bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen beýik geljege tarap» ady bilen maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň we bilim ulgamynyň wekilleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda üstünlikli geçen bu döwletli geňeşiň taryhy-syýasy ähmiýeti, ony ilat arasynda wagyz etmek boýunça öňde durýan wajyp wezipeler barada durup geçdiler. Çuňňur mazmuna we ýokary işjeňlige beslenip geçen maslahatda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Surata düşüren Merdan ORAZOW.