Bilimli ýaşlar ýurduň daýanjydyr

25 Sentýabr 2024
500

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi ýaşlara baglydyr. Bilimli, sowatly, hünärli ýaşlar eziz Diýarymyzyň daýanjydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri, ilkinji nobatda, olaryň hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. 

Günsaýyn gülläp ösýän ajaýyp zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň halkara ülňülere laýyk döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamyna okatmagyň täze usullarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy, halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen sazlaşykly ösdürilmegi täze üstünliklere ýol açýar. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işlerini dünýä derejesinde kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar eziz Watanymyza, merdana halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlaryň kemala gelmegine ýardam berýär.

Nurmeňli MAMENOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.