Bi­lim dün­ýä­sin­de kä­mil ne­şir­ler

24 Sentýabr 2024
587

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilimli, edepli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet derejesinde uly aladalary edýärler. Hormatly Prezidentimiz «Okamak – bereket, ýazmak – kuwwat, döretmek – döwletdir» diýen dürdäne sözlerinden ruhlanyp, çagalary geljegi gurujylar hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys.

Annasapar KIÇIÝEW,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölüminiň başlygy.