Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

22 Sentýabr 2024
849

Körpelere ýol hereketiniň kadalaryny düşündirmek

Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. Bilim-terbiýeçilik işinde mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny üpjün etmekde terbiýeçilere uly orun degişli bolup durýar. Häzirki wagtda dowam edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýeti ýörite sapaklarda çagalara düşündirilýär. Birnäçe elde ýasalan görkezme esbaplar esasynda ýol, ýodalar, geçelgeler, yşyklandyryjylar çagalara öwredilýär. Ýolda pyýada wagtynda çagalaryň haýsy geçelgelerden geçmelidigi düşündirilýär. Ýol belgileriniň nämeleri aňladýandygy barada çagalara düşündiriş berilýär. Ýolyşygynyň haýsy reňkli çyrasy ýananda nähili hereket etmelidigi, ýoldan geçmegiň düzgünleri körpelere öwredilýär. Ýola ýeke gitmeli däldigi, uly ýollarda hossarlaryň bilen bile hereket etmelidigi dürli mysallaryň üsti bilen görkezilýär. Bular boýunça sapaklarda çagalar bilen ýönekeýje sahnalar düzülýär. Bu bolsa çagalaryň köçe-ýol hereketiniň kadalaryna dogry düşünmeklerine we howpsuzlyk düzgünlerini doly ýerine ýetirmeklerine oňat täsir edýär.