«7/24.tm»:№39 (226) 23.09.2024
Häzirki zamanda döwrebap ynsanyň durmuşyny öýjükli telefonsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu enjam bize iş üçinem, ýakyn-ýatlar bilen gatnaşyk üçinem, internet tory arkaly peýdaly we gyzykly zatlary bilmek üçinem gerek. Emma öýjükli telefona çakdanaşa derejede baglanmak adamyň ünsüni oýlanyşykly we öndürijilikli işden, ýakyn-ýatlary bilen hakyky gatnaşykdan, ýaşlaryň dykgatyny okuwdan we özlerini ruhy hem-de beden taýdan ösdürmekden sowup bilýär. Bu enjamyň ýaýradýan radioýygylyk şöhlelenmeleriniň beýnä köp täsir etmeginiň düwnügi döredýändigini ylmy barlaglar görkezdi. Häzirki döwürde köp alymlar ýatkeşligiň bozulmasy, ünsi jemläp bilmezlik, ýadawlyk, baş aýlanmasy we ukynyň bozulmasy ýaly derdeserleri telefony köp ulanmak bilen baglanyşdyrýarlar. Ýaşlaryň arasynda barha artýan şowakörlüge hem ep-esli derejede el telefony sebäpkär hasap edilýär. Gulaklyklarda gaty sesli aýdym-saz diňlemek netijesinde eşidişiň peselmegi, telefon enjamyna eglip oturmakdan ýagyrnyň, eginleriň we boýnuň agyrmagy hem-de kem-kemden arkaň küýkermegi, hereketsiz kän oturmakdan agramyň artmagy hem telefona baglanmagyň zyýanly netijeleri bolup durýarlar. Ýöne siz akylly telefonyň, hakykatdanam, peýdaly birgiden artykmaçlyklaryndan özüňizi mahrum etmän, ondan paýhasalaýyk peýdalanmak isleseňiz, adamlaryň telefona aşa baglanmak meseleleri boýunça bilim-tejribesi ýeterlik hünärmenler tarapyndan maslahat berlen şu aşakdaky käbir düzgünleri berjaý etmäge çalşyň.