Ylym — köňülleriň çyragy

10 Sentýabr 2024
783

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda käbesi Ogulabat ejäniň gymmatly sargytlaryny ýatlaýar: «Ylym ― köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar. Kalbyňyzyň şamçyragy güýçli nur saçdygyça, gözýetimiňiz şonça-da uzaklary saýgarar». Ömür ýoluňa şugla saçjak bu pentlerde ylma bolan gadymdan gaýdan hormat-sarpanyň özenini görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimiň diňe bir maşgalada däl-de, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde ynsan köňlüni nurlandyrmagy ugrunda taýsyz tagallalar edýär. Hawa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle asylly başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Diýarymyzda ýaş nesliň ýokary derejede, döwrebap bilim almagyny gazanmak ugrunda durmuşa geçirilýän işler özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar. Ýaş alymlaryň, ylmy açyşlaryň, şeýle-de bilim ojaklarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Dünýä ölçeglerine laýyk ösdürilýän bu ulgamda iň kämil hünärmenleri taýýarlamak işi ýokary okuw mekdepleriniň paýyna düşýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 ― 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde, ylmy-barlag institutlarynda, ylmy-tehnologik hem-de ylmy-taslama merkezlerinde dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan ylmy-barlaglar yzygiderli dowam etdirilýär. Ýaş hünärmenler özleriniň saýlan ugurlary boýunça halypa mugallymlardan alan nazary bilimlerini tejribeleriň üsti bilen berkidýärler. Munuň özi ýaşlary asylly ýörelgelere ygrarly bolmaga, olara ýürekden uýmaga çagyryş bolup durýar. Ömür bossanynda ýaşlykdan ylym daragtynyň dikilmegi geljegiň röwşenligine ýol açýar. Şol daragt hem ylymly adama ömürboýy saýasyny salyp ýaşaýar.

Ýulduz NURGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ylym bölüminiň hünärmeni.