Kämillige tarap
Häzirki wagtda ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde türkmen halkynyň milli mirasyna daýanylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän, innowasion usullara esaslanýan bilim ulgamynyň ösüş-özgerişleri, üstünlikleri nusgalykdyr. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi we olaryň durmuşa geçirilmegi bilim ulgamynyň täzeçil ösüşine badalga berdi.