Halyçylykda ulanylýan gurallar

21 Awgust 2024
641

Türkmen halyçylyk sungatynyň kökleri müňýyllyklara uzap gidýär. Geçmişde çawy äleme dolan bu senet häzirki döwürde-de gelin-gyzlarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Örän inçe, hysyrdyly iş bolan haly dokamakda darak, synny, keser ýaly iş gurallaryndan peýdalanylýar. Geliň, şolaryň käbir görnüşi dogrusynda gürrüň edeliň!

Halyçylykda daraklaryň birnäçe görnüşi ulanylýar. Ussalar olary halyçy gelin-gyzlaryň isleglerine görä, dürli ululykda ýasapdyrlar. Halyçylyk sungatynda işjeň ulanylýan gurallaryň biri-de guýma darakdyr. Guýma görnüşli bu gural ýasalanda, ussalar alýuminiý metalyndan peýdalanypdyrlar. Şeýle görnüşli daragy ýasamak köp zähmeti talap edýän eken. Dokmaçylykda giňden peýdalanylýan gülle darak hem beýleki daraklara meňzedilip ýasalypdyr. Onuň göwresine gurşun gyzdyrylyp goýlupdyr.

Gülüstan HUDAÝAROWA,
welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.